icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

07 noýabr 2024

1205

Türkmenistan raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça öňdebaryjy orny eýeleýär

Ynsanperwer ugur Türkmenistanyň BMG bilen alyp barýan strategiki hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Hususan-da, Türkmenistanyň Hökümeti BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi we beýleki halkara düzümleri bilen bilelikde bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny üpjün etmek üçin degişli çäreleri amala aşyrýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň milli kanunçylygy BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi tarapyndan ýurtda ýaşaýan ähli adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we bähbitlerini goramak we üpjün etmek nukdaýnazaryndan nusga alarlyk hökmünde ykrar edildi.

Türkmenistanyň sebitde ilkinji bolup 1997-nji ýylda Bosgunlar hakynda Kanuny işläp düzendigini we kabul edendigini, 1998-nji ýylda bolsa, 1951-nji ýylyň «Bosgunlaryň statusy hakynda» Konwensiýa we onuň 1967-nji ýyldaky teswirnamasyna goşulandygyny bellemek möhümdir.

Bütin dünýäde raýatsyzlygyň öňüni almak we azaltmak boýunça esasy halkara resminamalaryna goşulmak bilen, döwletimiz öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar.

«Bosgunlaryň statusy hakynda» Konwensiýanyň tarapdary bolmak bilen, Türkmenistan Merkezi Aziýada «Apatridleriň statusy hakynda» we «Raýatsyzlygy azaltmak hakynda» Konwensiýalara goşulan ilkinji ýurt boldy.

Ýurdumyz migrasiýa ulgamynda, şol sanda raýatlygy bolmadyk adamlary hem-de migrantlary durmuş taýdan goramak we olara deň mümkinçilikleri bermek meselelerini çözmekde halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek babatda netijeli işleri alyp barýar. 2012-nji ýylyň martynda «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi we ol yzygiderli goşmaçalar girizilip, kämilleşdirilýär.

2012-nji ýylyň maýynda BMG we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen ýakyn hyzmatdaşlykda Türkmenistan öz çäginde bosgunlar meselesine bagyşlanan halkara maslahaty gurady.

2014-nji ýylda Türkmenistan BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi we Halkara Migrasiýa Guramasy bilen bilelikde migrasiýa we raýatsyzlyk meseleleri boýunça iri halkara forumyny, 2016-njy ýylda bolsa, raýatsyzlyk meseleleri boýunça ilkinji Sebit maslahatyny geçirdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bosgun türgenleriň toparynyň Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmagyny guramak baradaky başlangyjyny bellemek möhümdir. Türkmenistan bosgunlaryň toparlaryny dürli ýaryşlara we iri halkara sport çärelerine taýýarlyk görmegiň çäklerinde bilelikdäki türgenleşiklere çagyrmak arkaly bu ugurdaky hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyr.

2018-nji ýyldaky Bosgunlar barada Ählumumy ylalaşygynda, 2019-njy ýyldaky Raýatsyzlyk meseleleri boýunça ýokary derejeli mejlisde göz öňünde tutulan bosgunlara goldaw bermek çäreleriniň durmuşa geçirilişini nazara almak bilen, Türkmenistan raýatlygy bermek, kesgitleme gurallaryny täzelemek, çaga dogluşynyň hasaba alnyşyny özgertmek we maglumatlary dolandyrmagy gowulandyrmak arkaly raýatsyzlygyň belli bolan ähli ýagdaýlaryny çözmäge borçlandy.

2021-nji ýylda Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýy hakynda Kanun kabul edildi we ýurdumyz raýatsyzlygy kesgitlemegiň dünýäde iň giňişleýin amallarynyň birini ornaşdyrdy.

Türkmenistan sebitde ilkinji bolup Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetine goşulan ýurtdyr. BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň ulgamynyň esas goýujy resminamalarynyň köpüsine gatnaşyjy ýurt hökmünde, Türkmenistan raýatsyzlygyň soňuna çykmak babatynda möhüm çözgütleri işjeň durmuşa geçirýär.

Bütin dünýäde raýatlygy bolmadyk adamlaryň meselelerini ýok etmäge gönükdirilen BMG-niň #IBelong (#MenDegişli) ählumumy hereketiniň 2014-nji ýylda badalga alan döwründen bäri Türkmenistan raýatsyzlygyň derejesini kesgitlemegiň dünýäde iň giňişleýin amallarynyň birini ornaşdyrmak bilen, raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça nusga alarlyk sepgitlere ýetdi. Häzirki wagtda Türkmenistan bu on ýyllyk maksatnamanyň çäklerindäki borçnamalaryny dolulygyna ýerine ýetirdi.

Ýurdumyz bu Ählumumy hereketden ugur alyp, Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça 2019-2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasyny dolulygyna durmuşa geçirdi.

Soňky ýyllaryň dowamynda döwletimiz 32 müňden gowrak adamlara,  şol sanda bosgunlara we raýatlygy bolmadyk adamlara raýatlyk berdi we bu sepgitler güýçli syýasy erkiň kanunçylyk özgertmeleri, halkara hyzmatdaşlygy we raýatlaryň şahsyýetini anyklaýyş we hasaba alyş ulgamlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy bilen utgaşmagy netijesinde mümkin boldy.

Borçnamalary iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça bu ädim BMG, hususan-da Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissary tarapyndan aýratyn ykrarnama eýe boldy.

Meýilnamalaýyn we ulgamlaýyn işleriň netijesinde, häzirki wagtda Türkmenistan raýatsyzlygyň belli bolan ähli ýagdaýlaryny ilkinji bolup çözen Raýatsyzlygy azaltmak hakynda Konwensiýa gatnaşyjy döwlet, şeýle hem Merkezi Aziýada Raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça Ählumumy bileleşige goşulan ilkinji ýurt hökmünde halkara derejesinde birinjilige eýe boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyz bu ynsanperwer işini dowam etdirer. Döwletimiziň bu babatdaky meýilleri BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji we 79-njy mejlislerinde Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlarynda öz beýanyny tapdy.

2024-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýada raýatsyzlygyň soňuna çykmak meselesine we bu maksada ýetmek ugrunda sebitiň gazanan iň ýokary derejelerini sarpalamaga bagyşlanan ministrler derejesindäki sebitleýin maslahaty tejribe alyşmak we raýatsyzlygyň soňuna çykmak işinde sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin möhüm meýdança bolar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi