2025-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rawşanbek Alimowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Taraplar 2024-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji umumy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen yglan edilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» başynda geçirilýän duşuşygyň ähmiýetini bellediler.
Şunlukda, Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlar bilen, hususan-da, Özbegistanyň gatnaşmagynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» mazmunyna kybap çäreleri geçirmäge bolan meýli beýan edildi
Şeýle hem, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek dogrusynda pikir alyşyldy.