Baş sahypa / Habarlar
img
img
img
img
30 mart 2026
98

Türkmenistanyň DIM-de türkmen-belgiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Belgiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Baku ş.) Žýulýen de Fraýponyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik dialogy, daşary işler ministrlikleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem türkmen-belgiýa gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Taraplar Türkmenistanyň Ýewropa döwletleri bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhümdigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Belgiýanyň Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki möhüm orny nygtaldy.

Şeýle hem halkara meýdançalaryndaky, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söwda-ykdysady ugra hem aýratyn ähmiýet berildi. Taraplar işewür toparlaryň gatnaşmagynda bilelikdäki çäreleri geçirmek, işewür gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek boýunça pikir alyşdylar.

Şeýle hem, medeni-ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlygyň geljegi, şol sanda ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.