Baş sahypa / Habarlar
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
10 aprel 2026
83

Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 10-njy aprelinde Koreýa Respublikasyna amala aşyrylan iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Seul şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy.

Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary hanym Ýi-He Sesiliýa Çangyň başlyklyk etmeginde geçirilen mejlise gatnaşyjylar «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» birinji Sammitine taýýarlyk meselelerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar.

Maslahatda eden çykyşynda A.Gurbanow Türkmenistanyň «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşyjy döwletleriň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam edýän netijeli konsultatiw meýdança hökmünde garaýandygyny belledi. Şeýle-de türkmen tarapynyň Seul şäherinde «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» birinji Sammitini geçirmek baradaky Koreýa Respublikasynyň başlangyjyny ilkinji bolup goldanlaryň biridigini aýratyn nygtady.

Nygtalyşy ýaly, geçirilmegi meýilleşdirilýän bu Sammit Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda köptaraplaýyn dialogyň ösdürilmeginde möhüm tapgyr bolup, diplomatik, söwda-ykdysady, maýa goýum we ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklary giňeltmäge, şeýle hem amaly hyzmatdaşlygyň durnukly gurallaryny işläp taýýarlamaga gönükdirilendir.

Jemleýji resminamalaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşylanda türkmen tarapy olaryň ylalaşylmagyna we mazmun taýdan baýlaşdyrylmagyna gönükdirilen bilelikdäki işe işjeň we netijeli gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda öňde boljak Sammite taýýarlyk görmek bilen bagly guramaçylyk-protokol meseleleri, şol sanda ugurdaş çäreleriň geçirilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

***

Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň gatnaşmagynda Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Ço Hýon bilen geçirilen duşuşyga hem gatnaşdy.

Duşuşygyň başynda türkmen tarapy myhmansöýerlik bilen kabul edilendigi we gepleşikleriň ýokary derejede guralandygy üçin hoşallyk bildirdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» birinji Sammitini geçirmek baradaky başlangyjy ilkinji bolup goldan ýurtlaryň biridigi bellenilip, onuň sebit ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda köptaraplaýyn dialogy berkitmekde we hyzmatdaşlyga täze itergi bermekde möhüm ädim boljakdygy nygtaldy.

Taraplar öňde boljak Sammitiň hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginde möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirdiler hem-de onuň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etjekdigini bellediler.

Türkmen tarapy Sammitiň taýýarlygyna we geçirilmegine işjeň hem-de netijeli gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.