Baş sahypa / Habarlar
img
img
img
img
15 aprel 2026
100

Türkmenistan we “BMG – Syýahatçylyk” guramasy durnukly syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy berkidýärler

2026-njy ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen “BMG – Syýahatçylyk” guramasynyň Ýewropa boýunça sebit direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Kordula Wolmuteriň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda M.Bäşimowa “BMG – Syýahatçylyk” guramasynyň wekiliýetiniň şu ýylyň 14-16-njy apreli aralygynda Aşgabatda geçirilýän “TurkmenTravel – 2026” atly halkara sergä we maslahatyna gatnaşýandygy üçin hoşallyk bildirdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistanyň “BMG – Syýahatçylyk” guramasy bilen özara hyzmatdaşlygynyň derwaýys meselelerine garadylar.

Söhbetdeşler ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişini, şol sanda Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini ilerletmek, infrastrukturany ösdürmek, hünärmenleri taýýarlamak we beýleki ugurlar bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň we BMG-niň arasynda 2026-2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň geljekki mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Türkmen tarapy Durnukly we daşky şertlere uýgunlaşan syýahatçylygyň halkara ýyly – 2027-niň yglan edilmegini, şeýle hem ony durmuşa geçirmek boýunça degişli Ýol kartasynyň 2026-njy ýylyň ýanwarynda işe girizilmegini goldady.

Hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlarynyň hatarynda sanlylaşdyrma we innowasiýalar, maýa goýumlaryny çekmek, täze iş orunlaryny döretmek, syýahatçylyk pudagynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem medeni we tebigy mirasy gorap saklamak bellenildi.

Taraplar hyzmatdaşlygyň amaly taraplaryny, şol sanda 2026-njy ýylyň 15-nji aprelinde talyplar we milli hünärmenler üçin syýahatçylyk ulgamynda dolandyryş meseleleri boýunça “BMG – Syýahatçylyk” guramasy tarapyndan ýöriteleşdirilen okuw maslahatynyň geçirilmegini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň “BMG – Syýahatçylyk” guramasynyň saýlawly düzümlerine has işjeň gatnaşmaga taýýardygy tassyklanyldy, şeýle hem guramanyň Ýewropa sebitleýin komissiýasynyň 72-nji mejlisine türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy bilen bagly meselelere garaldy.