Türkmenistanyň DIM-de geçirilen brifingde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan döwletiň daşary syýasy işine syn berildi
2026-njy ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň halkara durmuşynda bolup geçen möhüm wakalara bagyşlanan brifing geçirdi.
Brifinge Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň, şeýle hem Aşgabatdaky halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Brifingiň dowamynda daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022–2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna laýyklykda alnyp barylýan halkara işleriň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Ministr Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň daşary ýurt saparlarynyň aýratyn ähmiýetini belledi.
Daşary işler ministri türkmen halkynyň Milli Lideriniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, Hytaý Halk Respublikasyna hem-de Awstriýa Respublikasyna amala aşyran saparlarynyň netijelerine aýratyn üns berdi.
Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bolan saparyň iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyga täze itergi berendigi nygtaldy.
R.Meredow Milli Lideriň Hytaýa amala aşyran saparynyň ähmiýeti barada durup geçip, onuň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen netijeli gepleşikleriň geçirilendigini aýtdy. Liderleriň gazanylan ylalaşyklarynyň, hususan-da, gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen soňky çärelerde öz beýanyny tapandygy bellenildi.
Brifingiň dowamynda Milli Lideriň Awstriýa Respublikasyna bolan saparynyň hem ähmiýeti bellenilip, onuň dowamynda ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylary hem-de BMG-niň iri düzümleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklaryň geçirilendigi nygtaldy. Energetika we howa boýunça halkara Wena forumynda öňe sürlen giň gerimli başlangyçlara aýratyn üns çekildi.
Gazagystan Respublikasynda geçirilen Sebitleýin ekologiýa sammitine we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň (AHHG) esaslandyryjy ýurtlarynyň sammitine gatnaşmagyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan ekologiýa meseleleriniň giň toplumy boýunça halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm çykyşlaryň edilendigi bellenildi. Şeýle-de, sebitde suw meseleleri boýunça Türkmenistanyň anyk garaýşy tassyklanyp, ekologiýa abadançylygyny gazanmaga gönükdirilen takyk başlangyçlar öňe sürüldi.
Şeýle hem ministr Türkmenistanyň wekiliýetiniň Dubaýda geçirilen Bütindünýä hökümet sammitine hem-de Antaliýada geçirilen Diplomatik forumyna gatnaşmagynyň ähmiýetini belledi.
Brifingiň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygy aýratyn nygtaldy.
Şeýle hem brifingiň dowamynda daşary ýurtlaryň ilçileri we halkara guramalaryň wekilleri öz teswirleri bilen çykyş etdiler.