Baş sahypa / Habarlar
img
img
img
img
14 maý 2026
42

Türkmenistanyň DIM-de Kipr Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň Kipr Respublikasynyň Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Kipros Ýorgallis bilen duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary has hem ösdürmek we berkitmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Türkmen-kipr hyzmatdaşlygyna goşmaça itergi berýän pudagara gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Halkara giňişliginde Türkmenistanyň we Kipr Respublikasynyň halkara guramalarynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigi nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Kipr Respublikasynyň arasyndaky özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.