Türkmenistanyň wekilýetiniň Uganda Respublikasyna sapary barada
2026-njy ýylyň 10-15-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Ata Serdarowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Uganda Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanan Ýoweri Kaguta Museweniň ýokary döwlet wezipesine resmi taýdan girişmegi mynasybetli geçirilen dabara gatnaşmak maksady bilen Kampala şäherinde saparda boldy.
Çäre Ugandanyň paýtagty Kampala şäherinde ýerleşýän Kololo dabaralar meýdançasynda geçirildi.
Dabara tamamlanandan soňra türkmen wekiliýeti Entebbe Prezidentler köşgünde Uganda Respublikasynyň Prezidenti Ýoweri Kaguta Museweni tarapyndan kabul edildi.
Duşuşygyň çäklerinde Uganda Respublikasynyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Türkmen Halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň mähirli salamlary hem-de saýlawlarda gazanan ýeňişi we wezipä girişmegi mynasybetli mähirli gutlaglary ýetirildi. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Ugandanyň Prezidentine ýollan çakylygy üçin minnetdarlyk we ugandanyň dostlukly halkyna iň gowy arzuwlary beýan edýän haty gowşuryldy.
Uganda Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň döwlet ýolbaşçylaryna öz minnetdarlygyny beýan etdi we öz adyndan hem-de Ugandanyň dostlukly halkynyň adyndan tüýs ýürekden mähirli salamlaryny ýetirýändigini aýtdy.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Uganda Respublikasynyň arasynda köpugurly dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge we pugtalandyrmaga, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar.
***
Türkmen wekilýetiniň Uganda Respublikasyna saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Ata Serdarowyň bu ýurduň dolandyryjy partiýasynyň Baş sekretary Riçard Todwoň bilen duşuşygy geçirildi.
Gepleşikleriň çäklerinde uganda tarapyny Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň taryhy, baş maksady we jemgyýetde agzybirligi hem-de jebisligi berkitmekde, ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda alyp barýan işleri we tutýan orny bilen tanyşdyryldy.
Taraplar Türkmenistan bilen Uganda Respublikasynyň arasynda partiýalarara we mejlislerara gatnaşyklary ýola goýmaga hem-de tejribe alyşmaga taýýardyklaryny nygtadylar.
***
Şeýle-de saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Uganda Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde düzüm birlikleriniň ýolbaşçylary derejesinde duşuşyk geçirip, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ugurlarda gatnaşyklary ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçiriljek syýasy geňeşmeler barada pikir alyşdylar hem-de işewürler forumlaryna we medeni çäreleri geçirmek mümkinçiliklerine garadylar.
Şeýle-de, türkmen wekilýeti Uganda Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary boýunça Döwlet ministri Henry Orýem Okello tarapyndan kabul edildi we duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça pikir alyşdylar.