Baş sahypa / Habarlar
img
27 maý 2026
64

Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň açyk pikir alyşmalarynda Bitaraplygyň dostlary toparynyň adyndan çykyş etdi

Şeýle hem 2026-njy ýylyň 26-njy maýynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň «BMG-niň Tertipnamasynyň maksatlaryny we ýörelgelerini berjaý etmek hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi ornuna esaslanýan halkara ulgamy berkitmek» atly ýokary derejeli açyk pikir alyşmalarynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine döredilen Bitaraplygyň dostlary toparynyň adyndan çykyş etdi.

Çykyşda häzirki döwürde dialogyň, diplomatiýanyň we halkara hyzmatdaşlygynyň aýratyn ähmiýete eýe bolýandygy bellenildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Bitaraplygyň dostlary toparynyň adyndan dört esasy ugruň üstünde durup geçdi.

Birinjiden, Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi ornunyň hem-de BMG-niň Tertipnamasynyň maksatlarynyň we ýörelgeleriniň häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň esasy hökmünde üýtgewsiz ähmiýetiniň bardygy tassyklanyldy.

Ikinjiden, häzirki halkara meselelerini çözmekde diplomatiýanyň, araçylyk etmegiň we dialogyň barha artýan ornuna üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, topar Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2026-njy ýylyň 20-nji maýynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamanyň kabul edilmegini gutlady.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy bitaraplygyň gapma-garşylyklaryň öňüni almakda, araçylyk etmekde, döwletleriň arasynda ynanyşmagy berkitmekde we parahatçylykly hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm gural bolup durýandygyny nygtady. Şeýle hem bitarap döwletleriň çäkleriniň parahatçylyk gepleşikleri, dialog meýdançalary we araçylyk prosesleri üçin ulanylmagyna goldaw beýan edildi.

Üçünjiden, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň özara berk baglanyşygy aýratyn nygtaldy. Sebitleýin we sebitara baglanyşygy, durnukly ulag ulgamlaryny we ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň durnuklylygyň, ynamyň we ösüşiň möhüm şertleri bolup durýandygy bellenildi.

Dördünjiden, Birleşen Milletler Guramasynyň netijeliligini we abraýyny mundan beýläk-de berkitmegiň, şeýle hem köptaraplaýyn diplomatiýanyň ornuny güýçlendirmegiň zerurdygy nygtaldy.

Çykyşyň ahyrynda türkmen diplomaty Bitaraplygyň dostlary toparynyň adyndan onuň parahatçylygy, ynanyşmagy, dialogy we Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi utgaşdyryjy ornunda konstruktiw halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge gönükdirilen halkara tagallalary goldamaga ygrarlydygyny tassyklady.