Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 27-nji maýynda Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy, HKP MK-nyň Daşary işler boýunça komissiýasynyň kanselýariýasynyň ýolbaşçysy, Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Wan Iniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy hytaýly kärdeşini BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň ýokary derejeli açyk çekişmeleriniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Hytaý tarapy bu çärä gatnaşandygy üçin türkmen wekiliýetine minnetdarlyk bildirdi.
Taraplar Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar. Häzirki halkara şertlerinde köptaraplaýyn çemeleşmäni goldamagyň, BMG-niň Tertipnamasynyň maksatlaryny we ýörelgelerini berjaý etmegiň, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi ornuny berkitmegiň aýratyn ähmiýete eýedigi bellenildi.
Ýokary we iň ýokary derejelerdäki yzygiderli gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň depginli ösüşiniň we özara ynamy pugtalandyrmagyň esasy şerti bolup durýandygy nygtaldy.
Şunuň bilen baglylykda, taraplar şu ýylyň mart aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyrylan saparyň hem-de onuň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen geçiren duşuşygynyň türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ösüşine goşmaça itergi berendigini bellediler.
Şeýle hem şu ýylyň aprel aýynda HKP MK-nyň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan tarapyndan Türkmenistana amala aşyrylan saparyň ähmiýeti nygtaldy. Saparyň dowamynda, ilkinji nobatda energetika ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar syýasy özara düşünişmegiň we ynamyň ýokary derejesini, şeýle hem dürli ugurlar boýunça amaly hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösüşini bellediler.
Gepleşikleriň dowamynda energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyga, aýratyn-da gaz pudagyna aýratyn üns berildi. Şol sanda bilelikdäki taslamalary mundan beýläk ilerletmek we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem söwda-ykdysady, innowasion-tehnologik hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegi gözden geçirildi.
Türkmenistanyň we Hytaýyň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygynyň ýokary netijeliligi aýratyn nygtaldy. Taraplar halkara meýdançalarda özara utgaşyklygy mundan beýläk-de berkitmäge, şeýle hem iki ýurduň başlangyçlaryny we tekliplerini özara goldamaga taýýardyklaryny bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda gazanylan ylalaşyklary amaly taýdan durmuşa geçirmek we strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmek tassyklanyldy.