Baş sahypa / Habarlar
img
img
img
img
08 iýun 2026
62

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary duşuşdy

2026-njy ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, iş sapary bilen Aşgabada gelen, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy.

Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň we ABŞ-nyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky işjeň we netijeli gatnaşyklary barada nygtap geçdiler.

Iň ýokary derejeli we ýokary derejeli aragatnaşyklaryň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginde esasy görkezijisi bolup durýandygy bellenildi.

Diplomatlar bilim, ylym, medeniýet we ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň sanlylaşdyrylmagy ugurlarynda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berdiler.

Gazanylan ylalaşyklaryň çäklerinde Türkmenistanyň ABŞ-nyň 15-den gowrak bilim maksatnamalaryna gatnaşýandygy bellenildi. Iki ýurduň degişli ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk babatynda bilelikdäki taslamalary guramak mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de Türkmenistanda 25 ýyl bäri amala aşyrylýan “Medeni mirasy gorap saklamak boýunça Ilçiler gaznasy” Halkara maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi hakynda nygtaldy.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, jemgyýetçilik bilen aragatnaşyklar we köpçülikleýin diplomatiýa ugurlaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Şol sanda hünär gatnaşyklaryny ösdürmek, tejribe alyşmak hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn formatda hem-de “C5+1” formatynda mundan beýläk hem ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.