Türkmenistan bilen Täjigistanyň ÝUNESKO-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Wafo Niyatbekzodanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga şeýle hem ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Ç.Rüstemowa gatnaşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hem-de wagyz etmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyna işjeň gatnaşýandyklary bellenildi. Taraplar ÝUNESKO-nyň degişli mehanizmleriniň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhümdigini nygtadylar.
Şeýle hem ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara komitetiniň çäklerinde özara goldaw mümkinçilikleri barada pikir alyşyldy.
Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny ikitaraplaýyn esasda, şeýle hem halkara guramalaryň, şol sanda ÝUNESKO-nyň çäklerinde mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.