Baş sahypa / Habarlar
img
16 iýul 2026
55

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Palestina Döwletiniň Ilçisi bilen duşuşygy

2026-njy ýylyň 16-njy iýulynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Ilçisi Rana Abu Hijleh bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-palestin hyzmatdaşlygynyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de syýasy dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge we iki döwletiň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmäge aýratyn üns berdiler.

Palestina tarapy Palestina Döwletinde geçirilmegi meýilleşdirilýän syýasy çäreler, hususan-da, 2026-njy ýylda parlament saýlawlarynyň we 2027-nji ýylda prezident saýlawlarynyň geçirilmegi barada maglumat berdi.

Söhbetdeşler bilelikdäki medeni-ynsanperwer çäreleri guramak bilen baglanyşykly meseleler boýunça hem pikir alyşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda Palestina Döwletiniň Ilçisi Türkmenistanyň ýolbaşçylygyna Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işine berilýän goldaw üçin hoşallyk bildirip, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.