Baş sahypa / Habarlar
img
08 oktýabr 2026
64

Parlamentara hyzmatdaşlyk: ynsan saglygynyň goragynda

2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Awaza” Kongresler merkeziniň mejlisler zalynda “Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we Durnukly ösüş maksatlary” atly ikinji halkara maslahat geçirildi.

Forumyň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň, ugurdaş ministrlikleriniň, GDA ýurtlarynyň parlamentleriniň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, alymlar we bilermenler gatnaşdylar.

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Gaýypow maslahatyň açylyş dabarasynda hemmeleri mähirli mübärekläp, şu günki duşuşygyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda «Saglygy goraýyş ýylynda» geçýändigini belledi. Bu çäre parlamentarileri, döwlet häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylaryny, halkara guramalaryň, ylmy jemgyýetçiligiň wekillerini durnukly ösüşiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan saglygy goraýyş meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin bir ýere jemledi.

Forumyň işinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit edarasynyň wekili Korinn Kapuano, GDA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary Denis Trefilow, Gazagystan Respublikasynyň saglygy goraýyş ministri Akmaral Alnazarowa çykyş etdiler.

Çykyş edenler GDA-nyň giňişliginde saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň strategik ähmiýetini belläp, ilatyň, aýratyn-da çagalaryň saglygyny goramagyň, milli kanunçylygy kämilleşdirmegiň we ylmy-barlag hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň wajypdygyny nygtadylar. Maslahatyň GDA-da yglan edilen Saglygy goramagyň ýylynyň çäklerinde geçirilmeginiň öňdebaryjy tejribäni alyşmaga, milli strategiýalary utgaşdyrmaga we saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm meselelerini çözmäge gönükdirilen bilelikdäki çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga ýardam berýändigi bellenildi. Halkara we döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ilkinji lukmançylyk-sanitariýa kömegini ösdürmek, derman üpjünçiligini kämilleşdirmek, ýaş hünärmenleri taýýarlamak we lukmançylyk ulgamyna innowasiýalary ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Çykyş edenler Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan goşandyna we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen forumyň ýokary guramaçylyk derejesine aýratyn baha berdiler.

Soňra maslahat mowzuklaýyn mejlislerde dowam etdi.