Baş sahypa / Habarlar
img
img
img
img
img
img
23 oktýabr 2026
46

Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi

2026-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda Aşgabat şäherindäki BMG-niň binasynda her ýyl 24-nji oktýabrda BMG-niň Tertipnamasynyň güýje giren gününiň hormatyna bellenilýän Birleşen Milletler Guramasynyň gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy tarapyndan guralan çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň açylyşynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa we BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Greýs Wang çykyş etdiler.

Çykyşlarda Birleşen Milletler Guramasynyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde, halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüşe ýardam bermekde möhüm orny aýratyn nygtaldy. Türkmenistanyň BMG-ä halkara hukugynyň kadalaryna we BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgelerine esaslanyp, häzirki zaman ählumumy meselelerini çözmekde esasy orny eýeleýän, ählumumy we kanuny halkara guramasy hökmünde garaýandygy bellenildi.

Türkmenistanyň BMG bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň strategik häsiýetine aýratyn üns berildi. Bu hyzmatdaşlyk halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek, durnukly ösüş, ekologiýa, ulag, energetika, ynsanperwer hyzmatdaşlyk we adam hukuklaryny goramak ýaly giň ugurlary öz içine alýar.

Türkmenistanyň köptaraplaýyn diplomatiýany pugtalandyrmagy, halkara dialogyny giňeltmegi we häzirki zaman wehimlerini çözmekde BMG-niň ornuny ýokarlandyrmagy yzygiderli goldaýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurduň parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini berkitmäge, öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmäge hem-de bitaraplyk ýörelgelerini halkara derejesinde ilerletmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň aýratyn ähmiýeti nygtaldy.

Geçirilen çäre Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine ygrarlydygyny, şeýle hem parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine BMG bilen netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny ýene-de bir gezek tassyklady.