Baş sahypa / Habarlar
img
img
img
img
26 oktýabr 2026
77

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň we BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekiliniň arasynda duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki meselelerini, şeýle hem ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň milli ileri tutulýan ugurlaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

2026–2030-njy ýyllar üçin Türkmenistan bilen BMGÖM-niň arasynda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi. Bu maksatnama döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmek, sanly özgertmeler, ykdysady ösüş, daşky gurşawy goramak we durmuş ulgamy ýaly ugurlary öz içine alýar.

BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, pudagara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we durnukly ösüşiň möhüm meselelerini çözmekde häzirki zaman çemeleşmelerini ornaşdyrmak boýunça bilelikdäki tagallalaryň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Taraplar, şeýle hem amaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek we Türkmenistanyň milli ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemek meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistan bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasyndaky işjeň dialogy dowam etdirmäge we hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrmaga özara gyzyklanma tassyklanyldy.