Baş sahypa / Habarlar
img
20 noýabr 2026
33

Awazada GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň ýolbaşçy we pudaklaýyn edaralarynyň mejlisleri geçirildi

2026-njy ýylyň 19-njy noýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň Syýasy meseleler we halkara hyzmatdaşlyk boýunça hemişelik komissiýasynyň hem-de Hukuk meseleleri boýunça hemişelik komissiýasynyň mejlisleri, şeýle-de “Awaza” toplumynyň kiçi mejlisler zalynda GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Çykyşlarda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda GDA-nyň parlament ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň mejlislerini geçirmäge döredilen ýokary derejeli şertler üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirildi.

Mejlisde onuň gün tertibindäki birnäçe meseleler boýunça çykyşlar diňlenildi. Şol meseleler Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň işiniň degişli ugurlary bilen birlikde, Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndaky başlyklygy baradaky maglumatlary, «Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we Durnukly ösüş maksatlary» ady bilen geçirilen ikinji halkara maslahatyň netijelerini, 9-njy oktýabrdaky GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň, 7-nji oktýabrdaky GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň çözgütlerini, Türkmenistanyň Mejlisine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň ýanynda synçy derejesini bermek, Arkalaşyga agza döwletlerde saýlawlara gözegçiligi guramak hakynda meseleleri öz içine aldy.

Çykyşlarda 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndaky başlyklygy baradaky maglumatlar diňlenildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň çykyşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri GDA-da resmi taýdan başlyklygyny üstünlikli amala aşyrýar.

Bellenilişi ýaly, parlamentara hyzmatdaşlyk GDA-nyň giňişliginde parahatçylygy, durnuklylygy, özara düşünişmegi berkitmegiň ygtybarly gurallarynyň biridir. Ýylyň dowamynda geçirilen çärelerde kabul edilen çözgütleri amala aşyrmak öňde täze wezipeleri goýýar. Bu wezipeleri öz wagtynda we doly ýerine ýetirmek üçin kanun çykaryjy edaralaryň utgaşdyrylan, maksadalaýyk işi zerurdyr.

Çykyşda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň ýolbaşçylaryna Arkalaşyga başlyklygynyň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyçlaryny hem-de tekliplerini işjeň goldandyklary üçin hoşallyk bildirildi.

Gün tertibiniň meselesi boýunça beýan edilen «Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we Durnukly ösüş maksatlary» ady bilen geçirilen ikinji halkara maslahatyň netijelerine bagyşlanan çykyşa hem möhüm orun berildi. Nygtalyşy ýaly, şu ýylyň oktýabrynda “Awaza” kongresler merkezinde geçirilen bu halkara maslahat ählumumy saglygy goraýşyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança öwrüldi. 

GDA-nyň parlamentarileriniň Awaza duşuşygynyň möhüm meseleleriniň biri-de Türkmenistanyň Mejlisine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň ýanynda synçy derejesini bermekden ybarat boldy.

Mejlise gatnaşyjylar çykyşy ünsli diňläp we sese goýlanda goldap, Türkmenistanyň Mejlisine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynda resmi taýdan synçy derejesini berdiler.

Mejlisiň dowamynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 35 ýyllygyna taýýarlyk görülmegine, Parlamentara Assambleýanyň 2027-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna hem-de beýleki meselelere degişli çykyşlar diňlenildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

***

Şol bir gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Berkarar» myhmanhanasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň Syýasy meseleler we halkara hyzmatdaşlyk boýunça hemişelik komissiýasynyň mejlisi geçirildi.

Onuň Awazada geçirilen şu gezekki mejlisiniň gün tertibindäki meseleler boýunça Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň Syýasy meseleler we halkara hyzmatdaşlyk boýunça hemişelik komissiýasynyň ýolbaşçysy saýlandy, şeýle hem 2026-njy ýylda “Hakyda otlusy” atly medeni-bilim maksatly taslamanyň ýerine ýetirilişine, Pnompende geçirilen (Kamboja Patyşalygy) parlamentleriň ýolbaşçylarynyň ikinji parlamentara maslahatynyň netijelerine we Ýewraziýa howpsuzlygynyň gurluşyny kemala getirmek boýunça başlangyjyň parlament ölçegleriniň ilerledilişine, Türkmenistanyň Mejlisine GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň ýanynda synçy derejesini bermek meselesine, zyýan ýetiriji maglumatlaryň ýaýradylýan döwründe dogruçyllygy we ynanyşmagy hem-de halkara ynsanperwer işleriň üpjün edilmegine, 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegine, “Terrorçylyga garşy durmak maksatlarynda we radikallygyň we ekstremizmiň öňüni almakda emeli aňyň hem-de täze tehnologiýalaryň ulanylyşyny kanunçylyk taýdan düzgünleşdirmek” ady bilen geçirilen halkara maslahatyň netijelerine, halkara parlament guramalarynyň, GDA gatnaşyjy döwletleriň parlament wekiliýetleriniň işlerinde bu guramalaryň çäreleriniň we hereketleriniň utgaşdyrylyşynyň netijelerine, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Parlament Birleşiginiň Maslahatynyň 20-nji mejlisiniň netijelerine we Parlamentara Birleşigiň 153-nji Assambleýasynyň netijelerine garaldy.

Çykyşlarda GDA-nyň giňişligindäki syýasy durnuklylyk, sebitleýin howpsuzlyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk çäreleri, abraýly halkara guramalaryň parlament düzümleri bilen gatnaşyklary ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

 Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisine GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň ýanynda synçy derejesini bermek baradaky meselä garalmagynyň ähmiýeti barada diňlenen çykyşlarda bu başlangyjyň GDA ýurtlary bilen parlamentara gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge gönükdirilendigi nygtaldy.

Şeýle-de mejlisde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň Syýasy meseleler we halkara hyzmatdaşlyk boýunça hemişelik komissiýasynyň nobatdaky mejlisini geçirmegiň möhletine degişli meselä garaldy.

* * *

Şeýle hem «Berkarar» myhmanhanasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň Hukuk meseleleri boýunça hemişelik komissiýasynyň mejlisi-de geçirildi.

Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen GDA-nyň Parlament Assambleýasynyň Hukuk meseleleri boýunça hemişelik komissiýasynyň nobatdaky mejlisinde-de degişli kanun taslamalaryna hem-de guramaçylyk-hukuk meselelerine garaldy.