Baş sahypa / Habarlar
img
img
img
img
26 noýabr 2026
48

Hytaý Halk Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Szi Şumin bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesi bellenilip, strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydyklary nygtaldy.

Söwda-ykdysadyýet, energetika, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi, şeýle hem gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Şeýle hem taraplar sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşyp, özara bähbitli konstruktiw dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.