icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

20 mart 2018

1457

Kembrijde Beýik Ýüpek ýoluna we Halkara Nowruz baýramyna bagyşlanyp çäreler geçirildi

2018-nji ýylyň 17-nji martynda Beýik Britaniýanyň Kembrij uniwersitetinde Türkmenistanyň Ilçihanasy “Kembridj Merkezi Aziýa Forumy“ we Gyrgyzystanyň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň Beýik Britaniýadaky Ilçihanalary bilen bilelikde, Ýüpek ýoluna bagyşlanylan tegelek stol, Nowruz baýramy mynasybetli konsert, sergi we resmi kabul edişlik geçirdi.

Ilki bilen Ýüpek ýoluna bagyşlanylan tegelek stol geçirildi. Oňa Gyrgyzystanyň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň Ilçihanalarynyň wekilleri, “Kembrij Merkezi Aziýa Forumynyň“ başlygy doktor Siddhart Saksena, Kembrij uniwersitetiniň professorlary we doktorlary Ian Waýt, Piter Nolan, Şaýlaýa Fennel we D.Kudaibergenowa hem-de bu uniwersitetiň talyplary, “University College of London” uniwersitetiniň Arheologiýa institutynyň mugallymy G. Joraýew hem-de Merkezi Aziýany öwreniji alymlary, bilermenleri we habarçylary gatnaşdylar.

Tegelek stolda Türkmenistanyň gadymy Yüpek ýolunyň taryhynda eýelän orny, halklaryň medeniýetine goşan goşandy we onuň häzirki zamanda dikeldilmeginde öňe sürýän halkara başlangyçlary barada bellenildi. Şeýle-de Türkmenistanyň energetika we ulag-üstaşyr geçelgeleri barada iri taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilişi barada maglumat berilip, ýurdumyzyň Merkezi Aziýanyň esasy logistika merkezine öwrülýändigi bellenildi. Çykyşlarda Yüpek ýolunyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň üstünden geçmegi bilen bu sebitde ylmyň, medeniýetiň, söwdanyň ösmegine amatly şertler döredip, Merkezi Aziýanyň alymlary dünýä ösüşine özleriniň aýrylmaz goşandyny goşandygy bellenildi.

Soňra halkara Nowruz baýramy mynasybetli Kembrij uniwersitetiniň binasynda  konsert geçirildi. Konsertde beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sungat ussatlary bilen bir hatarda türkmen aýdymçylarynyň ýerine ýetiren aýdymlary konserte gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Mundan başga-da ýerine ýetirilen “Geldi Nowruzym” atly aýdym tomaşaçylar tarapyndan uly şowhun bilen kabul edildi.

Şeýle hem halkara Nowruz baýramy mynasybetli kabul edişlik we çärelere gatnaşan ýurtlaryň we guramalaryň amaly-haşam sungatynyň sergisi gurnaldy. Kabul edişlikde türkmen milli tagamlary hödürlenildi.

Sergide Ilçihanamyzyň stendi 2018-nji ýylyň “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilmegine bagyşlanyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýazan kitaplary, milli äheňli ýadygärlik sowgatlyklary, Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri baradaky neşirler sergä gatnaşyjylara hödürlenildi.

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi