icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

19 maý 2018

1673

Russiýada «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanda guralýan «Amul - Hazar 2018» halkara awtorallisiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Awtomobil ýaryşlarynyň dünýäsinde täze taslama köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hem abraýly işewürlik toplumynda - Halkara söwda merkezinde, «Crowne Plaza Moskow» klub binasynda tanyşdyryldy.

Moskwa gelen türkmen wekiliýeti deslapky tanyşlyk hökmünde “Amul - Hazar 2018” rallisine hem-de ýurdumyzda awtomobil sportuny ösdürmekde milli Liderimiziň ornuna bagyşlanan sergini hem gurady. Sergini Türkmenistanyň Prezidentiniň ýaryş awtoulagyny sürüjiniň lybasynda düşen suraty ýerleşdirilen uly banner açdy. Monitorlarda öňde boljak halkara awtorallä taýýarlyk görlüşi, geçirilen saýlama tapgyry we beýleki çäreler hakynda gürrüň berýän wideorolikler görkezildi.

Crowne Plaza Moskow” WTC-de guralan “Turkmen Desert Race 2018” - “Amul - Hazar” rallisiniň taslamasynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy, onuň bilen bu ýere ýygnananlary ýaryş awtoulagynyň ozalky sürüjisi, häzir belli “Africa Eco Race” ralli-marafonynyň baş direktory Žan-Lui Şlesser tanyşdyrdy.

Tanyşdyrylyş dabarasy esasy neşirleriň 50-ä golaýynyň žurnalistlerini: halkara we Russiýa habarlar agentlikleriniň hem-de tele we radioýaýlymlarynyň, Moskwanyň, ýöriteleşdirilen žurnallaryň we gazetleriň, saýtlaryň žurnalistlerini ýygnady. Olaryň hatarynda “Forbes” amerikan maliýe-ykdysady žurnaly, “Mir i politika” halkara žurnaly, “Rossiýskiýe nowosti” federal gazeti, “Moýa planeta” teleýaýlymy, “Russiýa täzelikleri”, “Media Times”, “Newsinfo”, “Mignews”, “Eho Moskwy” agentlikleri, “Delowaýa Moskwa” gazeti, “Mediametric” radiosy, “Mirinform” hem-de “WorldRusNews. ru” Internet žurnallary, “ASP media 24” portaly, şeýle hem “East News” fotoagentligi, “Rusmedia” reklama kompaniýasy we beýlekiler bar.

Çäräniň birinji bölegi maslahat görnüşinde geçirilip, oňa gatnaşanlar öňde boljak ýaryşlara taýýarlyk işlerini, aýratyn-da logistikany, hasaba alyş, nawigasiýa, howpsuzlyk ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Žan-Lui Şlesser ähli sowallara jikme-jik jogap bermek bilen çäklenmän, belli ýaryşlarda, şol sanda “Pariž-Dakar” rallisinde ýeňişleri gazanan ussat reýser hökmünde toplan tejribesini hem paýlaşdy.

Şeýlelikde, Moskwada geçirilýän tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylara habar berlişi ýaly, ýaryş Türkmenistanda 2018-nji ýylyň 11 - 15-nji sentýabry aralygynda (taýýarlyk görülýän günler  9-10-njy sentýabr) “Amul - Hazar” ugry boýunça geçiriler. Ýaryşlara ýeňil awtomobiller, ýük awtomobilleri we SSV kysymly kwadrosikller goýberilýär. Marafonyň uzynlygy 1500 kilometre deň bolup, ol Garagum sährasynyň içinden, şeýle hem ýurdumyzyň beýleki gözel ýerlerinden geçer.

Häzirki wagtda ýaryşyň geçjek ugry boýunça düşelgeleri guramak, medeni çäreleri, hyzmat ediş işgärlerini taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Häzirki zaman tehnikasy, awiasiýa hem-de rallini guramak üçin zerur bolan beýleki serişdeler guramaçylaryň ygtyýarynda bolar. Mundan başga-da, türkmen myhmansöýerligini açyp görkezýän beýleki çäreler göz öňünde tutulýar.

Türkmenistan halkara derejedäki iri sport çärelerini, şol sanda awtomobil sportunda ýaryşlary geçirmekde üstünlikli tejribe toplan ýurt hökmünde özüniň dünýä abraýyny barha belende göterýär. Bu tejribe “Amul - Hazar 2018” awtorallisi ýaly döwlet derejesinde amala aşyrylýan uly taslamany has-da baýlaşdyrar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi