2018-nji ýylyň 4-nji iýunynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Polşanyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde syýasy geňeşmeler geirildi. Polşanyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Andreý Papež ýolbaşçylyk etdi.
Taraplar türkmen-polýak gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ösdürmegiň mümkinçiliklerini, şeýle hem, ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirýän meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň we Polşanyň arasyndaky syýasy-diplomatik özara gatnaşyklarynyň oňyn ýagdaýyny bellemek bilen, taraplar ýokary derejedäki saparlary gurnamagyň meseleleri boýunça pikirleri alyşdylar.
Gazanylan ylalaşyklary gözden geçirmek bilen, taraplar bilelikdäki şertnama-hukuk esasynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmek bilen bagly meseleleriň toplumyna seredildi. Olary işjeňleşdirmegiň zerurlygy barada aýdyp, taraplar türkmen we polýak telekeçileriniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin teklipleri beýan etdiler.
Mundan başga-da, duşuşyga gatnaşyjylar energetika we ulag pudaklaryna hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garadylar we degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Geljekde ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.