icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

22 noýabr 2016

2087

Türkmenistan özüniň adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça degişli borçnamalarynyň berjaý edilişi hakynda ikinji hasabatyny hödürledi

2016-njy ýylyň 21-nji noýabrynda Ženewada Gynamalara garşy Komitetiň 59-njy mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Türkmenistanyň gynama we beýleki agyr, adamkärçiliksiz jezalarda we ýüztutmalarda mertebesini kemsitmäge garşy alyp barmak ugrundaky Konwensiýasynyň borçnamalarynyň berjaý edilişi baradaky özüniň ikinji döwürleýin hasabatyny hödürledi.

Türkmenistan gynama we beýleki agyr, adamkärçiliksiz jezalarda we ýüztutmalarda mertebesini kemsitmäge garşy alyp barmak ugrundaky Konwensiýa 1999-njy ýylyň 30-njy aprelinde Mejlisiň №372-1 belgili kararyna laýyklykda goşuldy.

Türkmenistan halkara hukugynyň hemmeler tarapyndan ykrar edilen kadalaryna hormat goýmak, adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak hakyndaky esasyny düzüji halkara namalaryna goşuldy ýa-da olary tassyklady.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşyjylary Türkmenistanda bu ugurda alnyp barylýan amaly işiň, şol sanda hem milli hukuk ulgamynyň özgerdilmegi, Konwensiýanyň esasy ýagdaýynyň düzgün bozulmalarynyň öňüni almak, ýurduň hukuk goraýjy edaralarynyň işiniň usullarynyň we formalarynyň kämilleşdirilişi bilen tanyşdyrdy.

Türkmenistan öz üstüne alan halkara borçnamalaryny hormatlaýandygyny, şeýle hem Türkmenistanyň raýat azatlyklaryny we hukuklaryny üpjün etmäge gönükdirilen milli kanunlaryň geljekde hem kämilleşdirmäge taýýarlygyny ýene bir gezek tassyklady.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi