2018-nji ýylyň 21-nji iýunynda Brýusselde «Ýewropa Bileleşigi – Türkmenistan» adam hukuklary boýunça Dialogyň nobatdaky onunjy mejlisi geçirildi.
Ýewropa Bileleşigi tarapyndan wekiliýete Ýewropanyň Daşary işler gullugynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy B.Ýaroşewiç baştutanlyk etdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň düzümine Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil - Adalatçy, şeýle hem Adalat, Içeri işler ministrlikleriniň, Ýokary kazyýetiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanydaky Demokratýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň wekilleri girdiler.
Duşuşygyň dowamynda öz içine kanunyň hökmürowanlygy we kazyýet ulgamynyň reformasy, şol sanda konstitusion reformasy; adam hukuklaryny goramak boýunça döwlet edaralary, penitensiar edaralary, raýat jemgyýetiniň ösüşi, assosiasiýalara gatnaşmak azatlygy we hereket etmegiň azatlygy, isleg bildirişiň azalygy, dine uýmagyň ýa-da din azatlygy, aýallaryň hukuklary, çaganyň hukuklary, azlyk jemgyýetleriniň hukuklary ýaly meselelerini we ynsanperwer häsiýetine eýe bolýan meseleleriň ençemesini öz içine alýan gün tertibiniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem, köptaraplaýyn forumlaryň çäginde we BMG, HGHJ, ÝHHG ýaly halkara guramalary bilen, şol sanda ÝB bilen adam hukuklary babatda hyzmatdaşlygyň taslamalaryny öz içine alýan hyzmatdaşlygyň meselelerine garaldy.
Ýewropa Bileleşigi konstitusion reforma, Adalatçynyň institutynyň döredilmegi ýaly ýurtda amala aşyrylan işlere, şeýle hem çaga we aýallaryň hukuklaryny goramak ulgamynda Türkmenistanyň amala aşyrýan tagallalaryna ýokary baha berdi. Şeýle hem ÝB we Türkmenistanyň arasynda ynsanperwer meseleleri boýunça açyk gepleşikleriniň ösüşine bu ugurlar boýunça pikirleri alyşmak üçin meýdança bolup hyzmat edýän Adam hukuklary boýunça Dialogynyň her ýylda geçirilmegine netijeli goşandy hökmünde garalýandygy bellenildi.
Dünýädäki häzirki ýagdaýy nazara almak bilen halkara howpsuzlygyny berkitmek boýunça bilelikdäki tagallalar işde öňdebaryjy ugurlaryň biri bolmagynda galýar. Sebitiň ösüşiniň durnuklylygy, şeýle hem onuň syýasy we ykdysady howpsuzlygy geljekgi hyzmatdaşlygyň wajyp maksady bolmagy babatda aýdylyp, şol sanda suw we tebigy baýlyklaryny netijeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi we beýleki ugurlarda bu sebitleýin hyzmatdaşlygynyň netijeli ulanylmagyna ýardam etjekdigi aýratyn bellenildi.
Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar «Ýewropa Bileleşigi-Türkmenistan» adam hukuklary boýunça Dialogyň nobatdaky on birinji mejlisini 2019-njy ýylda Aşgabatda geçirilmegi babatda ylalaşdylar.