icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

09 iýul 2018

1457

Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystan Respublikasynda iş saparynda boldy

2018-nji ýylyň 6-njy iýulynda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň Halkara howa menzilinden Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Üç sagatdan soň Prezidentiň uçary Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Tatarystanyň döwlet baýdaklary bilen bezelen Kazanyň Halkara howa menzilinde gondy.

Bu ýerde türkmen Liderini Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow mähirli garşylady. Bu sapar Tatarystanyň Baştutanynyň çakylygy boýunça amala aşyrylýar.

Halkara howa menzilinden Türkmenistanyň we Tatarystanyň Baştutanlarynyň bilelikdäki awtoulag kerweni Kazanyň merkezi böleginde esasy akademiki we okuw jaýlarynyň golaýynda ýerleşýän “Ideýa” tehnoparkyna ugrady. Tehnoparkyň düzümine işewürlik-inkubator, innowasiýa-tehnologiýa merkezi we nanotehnologiýa merkezi, şeýle hem işewürlik-seýilgähi girýär. Bu merkeziň wezipesi ylma esaslanýan başlangyçlary täjirleşdirmek ulgamyny işläp düzmekdir.

Merkezi girelgäniň ýanynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowy we Rustam Minnihanowy Tatarystan Respublikasynyň premýer-ministriniň orunbasary, senagat we söwda ministri Albert Karimow we tehnoparkyň innowasiýalar boýunça direktory Oleg Ibragimow garşyladylar we Tatarystanyň senagat mümkinçiliklerine bagyşlanan sergini synlamaga çagyrdylar.

Durmuşa geçirilen hem-de beýleki geljekki uly taslamalaryň birnäçesiniň tanyşdyrylyşy “Ideýa” tehnoparkynyň innowasion işiniň tejribesi barada gürrüň berdi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we Tatarystan Respublikasynyň ýolbaşçysy lukmançylyk robotyny-simulýatoryny işläp taýýarlaýan we öndürýän merkeze hem baryp gördüler. Onuň önümçiligini “Eýdos” merkezi ýola goýdy, bu barada merkezi esaslandyryjy we baş direktory Lenar Waleýew gürrüň berdi.

Türkmenistanyň we Tatarystanyň Prezidentleriniň bilelikdäki awtoulag kerweni “Ideýa” tehnoparkyndan Kazan Kremline tarap ugrady.

 Bu ýerde Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow syn ediş meýdançasyna çykdylar, ol ýerde Tatarystanyň Prezidenti belent mertebeli myhmana bu gadymy şäheriň esaslandyrylan gününden biziň günlerimize çenli meşhurlyga eýe bolan bu arheologiki, taryhy we binagärlik ýadygärlikleriniň täsin toplumy barada gürrüň berdi. 2000-nji ýylda Kazan Kremli ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Kazan Kremliniň çäginde muzeýler, şol sanda Yslam muzeýi, Tatarystanyň Tebigy taryhynyň muzeýi, Peterburgyň Ermitažynyň şahamçasy - “Kazan - Ermitaž” merkezi we beýlekiler bar.

Türkmen we tatar Liderleri şäheriň keşbi açylýan ýerde surata düşdüler, soňra Prezident köşgüne baryp, Dabaralar zalyna girdiler, bu ýerde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Kazan Kremliniň hormatly myhmanlary üçin kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Soňra Ojak otagynda resmi surata düşmek dabarasy boldy. Ondan soň Mejlisler zalynda iki ýurduň wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşygy boldy.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar däp bolan dostlukly türkmen-tatar gatnaşyklaryny ösdürmegiň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Şol gatnaşyklar bolsa, taryhy arabaglanyşyga hem-de umumy ruhy-medeni gymmatlyklara daýanýar.

Duşuşygyň barşynda özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri hem-de ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek ýaly möhüm ugurlary öz içine alýan meseleler ara alyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasynda ýola goýlan bilim ulgamyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi. Tatarystanyň ýokary okuw mekdeplerinde ýurdumyzdan talyplaryň köp sanlysy bilim alýar.

Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň däp bolan dostlukly netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydyklaryny ýene bir gezek tassykladylar hem-de iki ýurduň doganlyk halklaryna bagt, abadançylyk we ösüş arzuw etdiler.

Bu ýerden Türkmenistanyň we Tatarystanyň Baştutanlary bilelikde “Kazan-Arena” stadionyna ugradylar, we ol ýerde 2018-nji ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň dörtden bir final duşuşygyna tomaşa etdiler.

 Iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soň, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Kazanyň howa menzilinden Watanymyza ugrady. Birnäçe wagtdan soň, döwlet Baştutanymyzyň uçary Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde gondy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi