icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

06 ýanwar 2024

8976

Ankara şäherinde ýurdumyzda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan edilmegi mynasybetli maslahat geçirildi

2024-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň we Ankaranyň Sosial Ylymlar Uniwersitetiniň hem-de Türki dünýäsiniň inženerler we binagärler birleşigi bilen bilelikde Türkmenistanda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan edilmegi mynasybetli Halkara ylmy maslahat geçirildi.

Maslahata Türkiýede akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, döredijilik we ylmy intelegensiýanyň, şeýle hem KHBS-iň wekilleri gatnaşdy.

Halkara ylmy konferensiýasyna gatnaşyjylar, türkmen halkynyň edebi milli hazynasynyň we dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolan beýik akyldaryň döredijilik mirasyna ýokary baha berdiler.

Gatnaşyjylar TÜRKSOÝ-yň hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýylyň «Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna hem-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiriljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi nusgawy türkmen şahyrynyň döredijiliginiň halkara derejesinde ykrar edilýändigini bellediler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi