29 ýanwar 2024
3813
Türkmenistanyň Ilçisi Leningradyň faşistik gabawdan doly azat edilmeginiň 80 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşdy
2024-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Sankt-Peterburgda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi E.Aýdogdýew Leningradyň faşistik gabawdan doly azat edilmeginiň 80 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşdy.
Piskarýowskiý ýadygärlik gonamçylygynda geçirilen matam dabarasynda Türkmenistanyň Ilçisi, Leningrad üstündäki söweşlerde şehit bolan Türkmenistanyň Gahrymanlarynyň ýadygärligine gül goýdy. Dabara gatnaşanlar Watan ugrunda şehit bolanlaryň hatyrasyna hormat goýdular.
Şol gün, Gazprom Arena stadionynda Russiýa Federasiýasynyň medeni we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda bu möhüm senä bagyşlanan baýramçylyk konserti geçirildi.
Başga habarlar
17
Oct
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitindäki ÇYKYŞY
16
Oct
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitindäki ÇYKYŞY
16
Oct
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda wodorod energetikasy ulgamyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
08
Oct
Waşingtonda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi
03
Oct
Türkmenistanyň wekiliýeti Jenaýatçylygyň öňüni almak we adyl kazyýetlilik boýunça BMG-niň 15-nji kongresine gatnaşdy
Ähli habarlary görmek