icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

30 ýanwar 2024

1751

Buharestda Türmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2024-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi we 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy yglan edildi.

Çärä Türkmenistanyň Ilçihanasynyň wekilleri we Rumyniýada bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Kitabyň tanyşdyrylyş dabarasynyň çäklerinde Ilçi Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynda ýurdumyzyň ýaşlar syýasatynda ýetilen sepgitleriň we Türkmenistanyň ösmegine we rowaçlanmagyna gönükdirilen  döwlet durmuşynyň dürli ugurlarynda ýaş nesliň ýokary görkezijilere eýediginiň şöhlelendirilendigini belledi.

Şeýle hem Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň 39-njy mejlisine gatnaşyjylaryň 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» we gadymy türkmen Änew şäherini «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek hakynda türkmen tarapynyň teklibini biragyzdan goldandygy aýratyn nygtaldy.

Sözüniň ahyrynda Ilçi Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň häzirki wagtda dünýäde giňden ýaýrandygy üçin, onuň ajaýyp goşgularynyň dünýäniň onlarça dillerine, şol sanda rumyn diline hem terjime edilendigini belledi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi