2024-nji ýylyň 30-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi M.Seýitmämmedowyň Katar Döwletiniň Bilim, terbiýe we ýokary bilim ministri Buthaina bint Ali Al Jabr Al Nuaimi bilen duşuşygy boldy.
Duşuşygyň dowamynda iki dostlukly ýurtlaryň arasyndaky bilim pudagyndaky gatnaşyklar hem-de olary ösdürmegiň we berkitmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hususan-da, Ilçi M.Seýitmämmedow Türkmenistanyň bilim ulgamyny kämilleşdirmekde halkara tejribäniň ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berýändigini hem-de Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasynda ylym-bilim babatda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolup durýandygyny belledi.
Şeýle hem, taraplar bilim ulgamyndaky gatnaşyklar okgunly ösdürilýän türkmen-katar gatnaşyklarynyň bir bölegi bolup durýandygy barada umumy pikiri beýan etdiler.