2024-nji ýylyň 2-nji fewralynda Türkmenistanyň Şri Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasyndaky Ilçisi Ş.Geldynazarow Şri Lankanyň Daşary işler boýunça döwlet ministri Taraka Balasuriýa bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, parlamentara aragatnaşyklary, nebit-gaz we himiýa senagaty, ulag-logistika, dokma senagaty, syýahatçylyk we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň bardygy nygtaldy.
Döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň medeni-ynsanperwer ugruna aýratyn üns çekildi. Bu babatynda Ilçi, şu ýylda Gündogaryň akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde bellenilýändigini hem-de şu mynasybetli 2024-nji ýyl Türkmenistanda "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýyly diýip yglan edilendigini belledi.