2024-nji ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi E.Aýdogdiýew bilen Treýtýakow galereýasynyň baş direktory Ýe.W.Proniçewanyň arasynda iş duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda Türkmenistanyň Ilçisi 2024-nji ýylyň Türkmenistanda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçirilýändigini belläp, türkmen halkynyň nusgawy şahyry, pelsepeçi we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýine bagyşlanyp döwlet we halkara derejesinde uly çäreleriň geçirilýändigini nygtady.
Ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy temasy, medeni we ynsanperwerlik pudagynda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň käbir taraplary, hususan-da, ýakyn geljek Tretýakow galereýasynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň suratkeşleriniň we heýkeltaraşlarynyň eserleriniň sergisini guramak meselesi bilen bagly boldy.
Taraplar köp ýyllaryň dowamynda ýola goýulan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýan netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek baradaky özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.
Ara alyp maslahatlaşmagyň netijesinde, Tretýakow galereýasynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň suratkeşleriniň we heýkeltaraşlarynyň eserleriniň sergisini 2026-njy ýylda guramak barada taraplar Tretýakow galereýasynyň we sungat pudagynda Türkmenistanyň ýöriteleşdirilen gurluşlarynyň hünärmenleriniň arasynda deslapky maslahatlaşmalary geçirmegiň zerurdygy barada ylalaşdylar.