27 fewral 2024
3801
Türkmenistanyň Özbegistandaky Ilçisiniň “Özbegistan Respublikasynyň haryt – çig mal biržasy” paýdarlar jemgyýetinde duşuşygy
2024-nji ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi Ş.Meredow bilen “Özbegistan Respublikasynyň haryt-çig mal biržasy” paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary N.Samatowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga ýokary baha berdiler.
Şeýle hem iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady mümkinçilikleri ýokarlandyrmak we söwda dolanyşygyny artdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şunuň bilen birlikde, özbek tarapy “Özbegistan Respublikasynyň haryt-çig mal biržasy” paýdarlar jemgyýetiniň alyp barýan işi barada tanyşdyrdy.
Başga habarlar
19
Sep
Tokioda Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň sebit seminaryna gatnaşdy
18
Sep
Türkmenistanyň wekiliýeti IAEA-nyň 70-nji Baş konferensiýasyna gatnaşýar
17
Sep
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitindäki çykyşy
17
Sep
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» birinji işewürlik sammitindäki çykyşy
16
Sep
Ýerewanda durnukly ulgamy ösdürmek boýunça halkara maslahat geçirildi
Ähli habarlary görmek