icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

06 mart 2024

1453

Kiýewde Magtymguly Pyragynyň hormatyna medeni çäre geçirildi

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilmeginiň çäginde 2024-nji ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy bilen Kiýewiň Magtymguly adyndaky kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly medeni-şahyrana çäre geçirildi.

Çärä ukrain döredijilik intelligensiýasy, Kiýewiň Swýatoşinski etrap häkimliginiň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň ilçileri we diplomatlary, Ukrainanyň Medeniýet we maglumat syýasaty ministrliginiň we Söwda-senagat edarasynyň wekilleri, milli kitaphanalaryň, mekdepleriň, sazçylyk we bilim edaralarynyň ýolbaşçylarydyr žurnalistleri gatnaşdylar.

Maksatnamanyň çäginde Kiýew orta we çagalar aýdym-saz mekdepleriniň wokal we instrumental ansamblynyň okuwçylary we mugallymlary Magtymguly we Mollanapes sözlerinden düzülen türkmen we ukrain halk aýdymlaryna esaslanan wokal kompozisiýalaryny ýerine ýetirdiler, şeýle hem türkmen we ukrain dillerinde goşgy okadylar.

Türkmen talyplary, dutar milli guralynda, gitarada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň goşgusyndan alnan sözlere esaslanan «Bady sabany görsem» и “Bagtyň nury” kompozisiýalaryny çalmak bilen myhmanlaryň göwnüni göterdiler.

Çäräniň esasy mowzuklarynyň biri, amaly-haşam sungat eserleriniň we kitap önümleriniň eksponatlaryny Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginden Kiýewdäki Magtymguly kitaphana muzeýiniň gaznasyna geçirmek boldy, şonuň netijesinde muzeý türkmen halkynyň intellektual mirasynyň we ruhy däpleriniň ajaýyp nusgalary bilen dolduryldy.

Çäräniň dowamynda şu ýylyň 15-nji martyna çenli kitaphana diwarlarynda türkmenleriň taryhy, binagärçiligi we medeniýeti, türkmen halkynyň däp-dessurlary we adatlary baradaky surat sergisiniň açyljakdygy mälim edildi.

Magtymgulynyň muzeý-otagyna gezelenç medeni we şahyrana çäräniň ahyrky bölegi boldy.

 

1969-njy ýylda Kiýewde döredilen Magtymguly kitaphanasy dostluk, agzybirlik, ynsanperwerlik, köp ýyllaryň dowamynda görnükli türkmen şahyrynyň we akyldarynyň eserlerinde dabaralanan milli däp-dessurlara, adatlara we ruhy gymmatlyklara hormat goýulýan we hormatlanýan ýerdir.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi