2024-nji ýylyň 5-nji martynda Rumyniýanyň Prahowa etrabynyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Ilçisi A.Anaýew bilen bu edaranyň prezidenti Aurelian Goguleskunyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşant goşjak bazarlary we mümkinçilikleri öwrenmek bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň ýollaryny öwrenmeklik barada ylalaşdylar. 2024-nji ýylda Rumyniýadan we Türkmenistandan hyzmatdaşlyk etmegi gyzyklanýan işewürleriň duşuşyklaryny guramak hem teklip edildi.
2024-nji ýylyň 6-njy martynda Rumyniýanyň Milli bilim ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Ilçisi A.Anaýew bilen Rumyniýanyň Milli bilim ministriniň orunbasary jenap Ionel-Florian Lixandrunyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda iki dostlukly ýurduň arasynda bilim pudagyndaky gatnaşyklar we olary ösdürmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ministriň orunbasary rumyn tarapynyň bilim we gözleg ugurlarynda ýola goýlan hyzmatdaşlygy ýola goýmak we mundan beýläk-de berkitmek bilen gyzyklanýandygyny beýan etdi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar çalt ösýän türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň aýrylmaz böleginiň bilim ugrundaky hyzmatdaşlykdygyny belläp, iş meselelerini çözmek üçin göni aragatnaşyk saklamagy ylalaşdylar.