2024-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynda şu ýylyň 9-njy fewralyndaky Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň we 22-nji fewralyndaky Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň netijelerine bagyşlanan tegelek stol duşuşygy geçirildi.
Bu çärä Türki Dünýäsiniň Ýaşlar fondunyň ýolbaşçylary we wekilleri, talyp ýaşlar hem-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.
Tegelek stol duşuşygynyň dowamynda Türkmenistanyň Ilçisi M.Işangulyýew çärä gatnaşyjylary türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmaga gönükdirilen «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň möhüm wezipeleri, ykdysadyýetiň netijeli hereket etmegi, önümçiligiň depgini hem-de täze iş orunlarynyň döredilmegi ýaly alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy.
Türkmenistanda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegine üns çekilip, onuň çäklerinde türkmen halkynyň beýik nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp bellenilmegi meýilleşdirilýän milli we halkara çäreler barada hem nygtaldy.