2024-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi E.Aýdogdyýew bilen Russiýa Federasiýasynyň medeniýet ministriniň orunbasary A.Malyşewiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar medeniýet pudagynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde medeni-ynsanperwer ulgamyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar ösüş häsiýetine eýedir diýip bellediler.
Söhbetdeşler şu ýylyň dowamynda Türkmenistanda RF-iň medeniýet günlerini geçirmek boýunça guramaçylyk meseleleri babatynda pikir alyşdylar.
Söhbetdeşligiň dowamynda Ilçi şu ýylyň dowamynda ussat şahyr we Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýudumyzda döwlet we halkara derejesinde geçiriljek çäreler barada habar berdi.
Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler medeni-ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlyk etmek üçin bar bolan giň mümkinçiliklerden doly peýdalanmagyň zerurlygyny nygtadylar.