2024-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Gyrgyzystan Respublikasyndaky Ilçisi N.Gölliýew bilen Gyrgyzystan Respublikasynyň Energetika ministri T.Ibraýewiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn ösüşini bellediler we bu babatda energetika we söwda pudagyndaky hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirdiler. Şeýle hem nebit-gaz pudagynda geljegi uly taslamalar barada pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn üns berdiler.
Duşuşygyň dowamynda T.Ibraýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa ugradylan ynsanperwer kömek üçin hoşallygyny bildirdi.
Şeýle hem Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň işine aýratyn üns berildi.