2024-nji ýylyň 4-15-nji marty aralygynda Kiýew şäheriniň Magtymguly adyndaky kitaphanasynda türkmen halkynyň taryhyna, medeniýetine we däp-dessurlaryna bagyşlanan surat sergisi geçirildi.
Kitaphana gelýänleriň surat sergisini nähili kabul edendikleri hakynda Magtymguly adyndaky kitaphananyň sosial torlardaky sahypasynda habar berilýär. Maglumata laýyklykda surat sergisine baryp gören ulylar we kiçiler gadymy we häzirki zaman Türkmenistanyň şäherleriniň şekilleri hem-de hakyky türkmen medeniýetiniň köpdürliligi bilen tanyşdylar.
Şunuň bilen baglylykda, Swýatoşinsk etrabynyň Les Kurbas adyndaky 206-njy we Wýaçeslaw Çernowol adyndaky 235-nji orta mekdepleriniň okuwçylary üçin ýakynda täze eserler ýygyndysy, kitaplar hem-de sungat eserleri, şaý-sepler we türkmenleriň milli eşikleriniň nusgalary bilen üsti doldurylan kitaphananyň çägindäki Magtymguly muzeýine gezelenç gurnaldy.
Kitaphananyň ýolbaşçylary çäräniň ahyrynda ösüp barýan nesliň türkmen halkynyň baý medeniýeti bilen tanyşdyrylmagynyň olaryň dünýägaraýşynyň giňemegine oňyn täsir etmekde hem-de iki döwletiň medeni gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda aýratyn ähmiýete eýedigini bellediler.