2024-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky we Singapur Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi B.Durdyýew meýilleşdirilen iş saparynyň çäklerinde Singapuryň Dolandyryş we ösüş institutynyň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda «2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistan» atly tema boýunça okuw sapagyny geçdi.
Okuw sapagy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna we ýylyň şygaryna bagyşlanyp, okuw sapagynyň barşynda Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada giňişleýin gürrüň berildi.
Okuw sapagyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň içeri we daşary syýasaty, ýurdumyzyň ykdysady ösüşi, ýaşlar syýasaty we bilim ulgamynda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler bilen tanyşdyryldy. Öz çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Ilçisi ýurdumyzda gurlan akylly şäher «Arkadag şäheri» barada giňişleýin beýan etdi.
TÜRKSOÝ-yň çäklerinde 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýlip yglan edilmegi we Änew şäheriniň Türki dünýäniň paýtagty hökmünde ykrar edilmegi aýratyn nygtaldy.
Okuw sapagynyň dowamynda ýurdumyzyň ösüşi, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy bilen baglanyşykly wideoşekiller görkezildi. Türkmen-singapur gatnaşyklarynyň ösüşine we geljegine aýratyn üns berildi.
Okuw sapagynyň ahyrynda Türkmenistanyň Ilçisi bilen Institutyň Prezidenti doktor Erik Kuanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistan bilen Singapur Respublikasynyň arasynda bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek, şeýle hem 2019-njy ýylda gol çekilen Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Singapuryň Dolandyryş we ösüş institutynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamany durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.