2024-nji ýylyň 20-nji martynda Rumyniýanyň Medeniýet ministrliginde Türkmenistanyň Ilçisi A.Anaýew bilen Rumyniýanyň Medeniýet ministri Raluka Turkanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň esasy maksady, medeniýet çygrynda bilelikde geçiriljek çäreler bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirildi.
Duşuşygyň başynda söhbetdeşler hereket edýän ikitaraplaýyn medeni hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşygyň ähmiýetini aýratyn bellediler.
Şunuň bilen baglylykda Rumyniýanyň Medeniýet ministri özara çärelere gatnaşmakda, türkmen muzeýleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmakda, şeýle hem iki ýurduň aýdym-saz, tans we teatr toparlarynyň saparlaryny guramakda medeniýet we medeni alyş-çalyş pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirdi.
Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky medeni gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek maksady bilen türkmen tarapy 2025-nji ýylda Türkmenistanda Rumyniýanyň Medeniýet günlerini geçirmegi we Rumyniýada nusgawy türkmen şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň oturdylmagynynyň mümkinçiligini öwrenmegi teklip etdi.