2024-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi Şadurdy Meredow bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saidowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmen-özbek gepleşiklerine mahsus bolan dostluk we özara düşünişmek şertlerinde taraplar syýasy, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, medeni-ynsanperwer ýaly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli ugurlary boýunça netijeli gepleşikleri geçirdiler we özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar.
Duşuşygyň barşynda diplomatlar soňky ýyllaryň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygynyň üstünlikli ösdürilýändigini we bu ugurda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň uly ähmiýete eýedigini aýratyn nygtadylar.
Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.