icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»

01 oktýabr 2022

143278

Medeniýet

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistan dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk hem-de özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Parahatçylyga we birek-birege ynanyşmaga esaslanýan halkara hyzmatdaşlykda özara medeni-ynsanperwer gatnaşyklar aýratyn orny eýeleýär.

Türkmenistanda pederlerimizden miras galan däp-dessurlaryň we ynsanperwerlik ýörelgeleriniň, türkmen halkynyň döredijilik kuwwatynyň, milli medeniýetiň ösdürilmegine örän uly ähmiýet berilýär we medeni diplomatiýa döwlet syýasatynyň möhüm bölegi hökmünde garalýar. Teatrlar, kitaphanalar, muzeýler, medeniýet öýleri türkmen medeniýetiniň we sungatynyň gülläp ösýändiginiň subutnamasy bolup durýar.

Türkmenistanyň medeniýet ulgamyndaky döwlet syýasaty türkmen jemgyýetiniň ruhy kuwwatyny berkitmäge, aň-bilim derejesini artdyrmaga, medeni-ahlak gymmatlyklaryny we ruhy bitewüligini aýawly saklamaga gönükdirilendir. Medeniýet ulgamynyň gazanan üstünlikleri sungatyň dürli görnüşlerini gaýtadan dikeltmäge we ösdürmäge, şeýle-de giň halkara medeni gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge ýardam edýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda milli mirasy, senetçilik we ussaçylyk däpleri, amaly-haşam sungatyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet bermek bilen, bu ugurda halkara derejede amala aşyrylýan tagallalara döwlet tarapyndan ähli şertler döredilýär.

Türkmenistanda medeniýet ulgamyny ösdürmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu ugurda gazanylan üstünlikleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, halkara derejesindäki festiwallar, sergiler, maslahatlar we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanda her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenilýär, her ýyl Aşgabat, Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda Medeniýet hepdeligi yzygiderli geçirilýär. Her ýylda Türkmenistanyň daşary ýurtlarda, şeýle hem dostlukly döwletleriň ýurdumyzda Medeniýet günleri üstünlikli guralýar.

Häzirki döwürde Türkmenistanda taryhy we medeni ýadygärlikleriň 1400-den gowragy bolup, Döwlet taryhy-medeni goraghanalarynyň 8-si bar. Olar «Gadymy Dehistan», «Gökdepe galasy», «Nusaý», «Abiwerd» , «Köne Sarahs», «Gadymy Merw», «Kerki», «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanalarydyr. Gadymy Merw, Nusaý, Köneürgenç taryhy ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasy we Täjigistan Respublikasy bilen bilelikdäki teklibi esasynda «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesi» atly köptaraplaýyn hödürnama hem bu abraýly sanawa goşuldy. Türkmnistan ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna öz täsin tebigy künjeklerini-de goşmagy maksat edinýär. Bu sanawa Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasy we Gazagystan Respublikasy bilen bilelikde taýýarlan «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamasy, «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalarynyň, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň we onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamlary girizildi.

«Görogly» dessançylyk sungaty, dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury, türkmen milli halyçylyk sungaty, ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri bolsa ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda mynasyp orun aldy. Türkmenistanyň beýleki dostlukly ýurtlar bilen bilelikde hödürlän türkmen keşdeçilik sungaty, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri-de şol sanawa girizilen gymmatlyklaryň hataryndadyr.

Ylym-bilim ulgamy Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralarynyň we klublarynyň açylmagy munuň aýdyň güwäsidir. Diýarymyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 6-sy BMG-niň bu ýöriteleşdirilen düzüminiň Assosirlenen mekdepler toruna girizildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň 2023-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy bolandygy bellenilmäge mynasypdyr. Munuň özi halkara ýaşlar dialogyny pugtalandyrmakda ýurdumyzyň hyzmatlarynyň, ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky ykrarnamasydyr. Türkmenistan medeniýet, ylym-bilim diplomatiýasyny ilerletmek bilen bir hatarda, sport diplomatiýasynyň netijeli durmuşa geçirilmegi ugrunda-da çykyş edýär. Ýurdumyzyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna saýlanylmagy dünýä giňişliginde Watanymyzyň abraýynyň barha artýandygynyň aýdyň güwäsi bolup, bedenterbiýe we sport hereketini ösdürmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde goşýan uly goşandyny giňden açyp görkezýär.

Ekologiýa babatda ýola goýulýan gatnaşyklar hem ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Halkara gidrologiýa maksatnamasynyň hökümetara geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagy möhüm waka boldy. Degişli maksatnamanyň maksady gidrologiýa ulgamynda bilimleri çuňlaşdyrmaga, bu ugurda häzirki zaman usullaryny we çemeleşmeleri ösdürmäge, dünýädäki suw serişdelerini durnukly ulanmak, rejeli peýdalanmak üçin syýasy ugry, strategiýalary işläp taýýarlamaga ýardam etmekden ybaratdyr.

2023-nji  ýylyň  24-nji  maýynda  «Magtymguly  Pyragynyň  golýazmalar ýygyndysy»  ÝUNESKO-nyň  «Dünýä  hakydasy» atly halkara  sanawyna  girizildi.  Şol ýylyň 31-nji oktýabrynda — Şäherleriň bütindünýä gününde paýtagtymyz Aşgabadyň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilendigi baradaky çözgüt yglan edildi.

Mälim bolşy ýaly, dünýä belli bolan Jeýtunda, Altyndepede, Goňurdepede, Nusaýda, Merwde, Köneürgençde, Amulda, Dehistanda senetçiligiň, ussaçylygyň, amaly-haşam sungatynyň gaýtalanmajak nusgalary, kämil görnüşleri ýüze çykarylyp, adamzadyň medeni ösüşine saldamly goşant goşdy. Taryhy meşhurlyga eýe bolan ýurdumyzdaky gadymy ilatly ýerleriň we iri söwda şäherleriniň çäklerinde geçirilen arheologik gazuw-barlag işleri müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän medeni mirasyň bardygyny ýüze çykardy. Türkmen halky özüniň şöhratly taryhynda orun alan senetçiliginiň we milli mirasynyň nusgalyk görnüşleriniň dünýäde giň meşhurlyga eýedigine hem-de olaryň umumadamzat medeniýetine örän uly goşant goşýandygyna buýsanç bilen garaýar.

Ýurtda halkara derejedäki festiwallar, sergiler, maslahatlar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Ýer ýüzünde ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmakda, halklaryň arasynda agzybirligi hem-de dost-doganlygy kemala getirmekde bu çäreleriň ähmiýeti örän uludyr. Türkmen halkynyň asyrlar boýy gelýän baý medeni mirasyny, gadymy gymmatlyklaryny, milli sungatyny giňden wagyz etmekde, dünýä halklaryny medeniýetde we sungatda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrmakda halkara derejeli festiwallara möhüm orun degişlidir.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi