2024-nji ýylyň 10-njy aprelinde M.I.Rudomino adyndaky Bütinrussiýa döwlet daşary ýurt edebiýaty kitaphanasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, «Türkmen şahyry, Gündogaryň pelsepeçisi we akyldary Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatyna goşandy» atly halkara ylmy maslahaty geçirildi.
Çäräni Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasy M.I.Rudomino adyndaky Bütinrussiýa döwlet daşary ýurt edebiýaty kitaphanasy bilen bilelikde gurady.
Maslahata Türkmenistanyň we Russiýanyň görnükli medeniýet-sungat, edebi işgärleri, jemgyýetçilik wekilleri, edebiýatşynaslary we dilçi alymlary, diplomatlar, şeýle-de KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar.
Kitaphanada häzirki zaman türkmen milli şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi gurnaldy.
Çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde öz beýanyny tapan gymmatlyklara we ýörelgelere esaslanýan, ikitaraplaýyn türkmen-rus hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini nygtadylar. Maslahata gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, goşgulary köp sanly daşary ýurt dillerine terjime edilip, dünýäniň onlarça ýurdunda neşir edilen Magtymguly Pyragy öz eserleri bilen türkmen we dünýä edebiýatynyň baýlaşdyrylmagyna uly goşant goşan Beýik akyldardyr.
Çäräniň dowamynda şahyryň goşgulary okaldy we onuň goşgularyna döredilen aýdymlar hem ýerine ýetirildi.
Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Ilçisi E.Aýdogdiýew M.I.Rudomino adyndaky Bütinrussiýa döwlet daşary ýurt edebiýaty kitaphanasynyň Baş müdiri P.Kuzmine Magtymgulynyň dünýäniň dürli dillerindäki kitaplarynyň nusgalaryny gowşurdy.