2024-nji ýylyň 22-24-nji apreli aralygynda Maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Ösüşi maliýeleşdirmek babatynda geljekki çäreler boýunça EKOSOS-yň forumyna gatnaşdy.
Saparyň maksatnamasyna laýyklykda 2024-nji ýylyň 23-nji aprelinde Ministr Forumyň umumy mejlisiniň çäklerinde çykyş edip, Ösüşi maliýeleşdirmek boýunça Addis-Abeba hereketleriň maksatnamasyny durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň işjeň ornuny belledi.
Soňra Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Forumyň «Içerki döwlet çeşmelerini mobilizirlemek» atly çekişmelerine gatnaşdy. Çekişmeleriň çäklerinde çykyş edip, Ministr ählumumy maksatlary we wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy hem-de gatnaşyklary dowam etdirmegiň zerurlygyny nygtady.
Şol gün Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Ösüşi maliýeleşdirmegi giňeltmek maksady bilen ulag we energiýa baglanyşygy meseleleri boýunça ýokary derejeli dialog: BMG-niň 2026 - 2035-nji ýyllar üçin Durnukly ulagyň onýyllygy, Energetika özarabaglanyşygy üçin Aşgabat platformasy» atly ugurdaş çäre geçirildi.
Çärä BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi, BMGÖM-niň Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça sebitleýin edarasynyň müdiri Iwana Ziwkowiç, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji, Iň az ösen ýurtlar, deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar we ösüp barýan kiçi ada ýurtlar üçin ýokary derejeli wekiliň wezipesini ýerine ýetiriji Sandagdorj Erdenebileg, BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri bölüminiň wekilleri, Ösüşi maliýeleşdirmek boýunça foruma gatnaşýan milli wekiliýetleriň ýolbaşçylary, BMG-niň agza ýurtlarynyň hemişelik wekilleri we bilermenleri gatnaşdylar.
Ýokary derejeli dialogyň netijeleri boýunça gatnaşyjylar çekişmäniň jemlerini özünde saklaýan Jemleýji resminamany tassykladylar.