2024-nji ýylyň 21-nji iýunynda Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky konsullygy tarapyndan Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli halkara ylmy maslahaty geçirildi.
Çärä Hessen federal ýeriniň Döwlet kanselýariýasynyň, Frankfurt şäheriniň, Hessen ýerinde akkreditlenen diplomatik korpusyň, döredijilik intelegensiýasy we alymlar, türkmen diasporasynyň wekilleri we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktory D.Orazsähedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň agzalary wekilçilik etdiler.
Maslahatyň dowamynda çykyş edenler Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň netijeli ösüşini bellediler. Şol bir wagtyň özünde nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň parahatçylyga, watançylyga, ylalaşyga, doganlyga we dostluga çagyrýan eserleriniň halklaryň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge hyzmat edýändigi nygtaldy.
Şeýle hem, maslahatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» we «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» kitaplarynyň, «Magtymguly» atly täze saýlanan goşgular ýygyndysynyň, şeýle hem şahyryň nemes dilinde çap edilen täze goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
Çäräniň dowamynda Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň çeper okaýyşlary guraldy we Türkmenistanyň ösüşine we görnükli türkmen filosofynyň döredijiligine bagyşlanan wideo şekiller görkezildi.
Maslahatyň çäklerinde, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynyň, Magtymguly Pyragynyň ýygyndylarynyň, türkmen halkynyň sungatynyň amaly-haşam dungatynyň eserleriniň sergisi hem ýaýbaňlandyryldy.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Germaniýada bolmagynyň çäklerinde Frankfurt şäher geňeşiniň başlygy hanym Hilime Arslaner bilen duşuşyk geçirildi we onuň barşynda medeni we ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň ýollary, şol sanda Frankfurtda bilelikdäki medeni çäreleri guramagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar agzalan ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirdiler we hanym H.Arslaner Türkmenistanda geçiriljek halkara çärelere gatnaşmaga çagyryldy.