2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahimberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Wena şäherinde Nebiti eksport ediji ýurtlaryň gurmasynyň (OPEC) Halkara ösüş gaznasynyň guramagynda geçirilen nobatdaky üçünji ösüş forumyna gatnaşdy.
Forumyň çäklerinde OPEC-iň Halkara ösüş gaznasynyň Prezidenti Abdulhamid Alhalifa bilen gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen OPEC-iň Gaznasynyň arasynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň netijesinde Türkmenistanyň hökümeti bilen OPEC-iň Halkara ösüş gaznasynyň arasynda «Ýurt bilen hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyna» gol çekildi.
2024–2029-njy ýyllar üçin niýetlenen maksatnama OPEC-iň Halkara ösüş gaznasyny hem öz içine alýan köptaraplaýyn maliýe ösüş guramalary bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir.