2024-nji ýylyň 27-nji iýunynda Kiýew şäherinde Medeniýet we sungat işgärleriniň, hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli çäreler geçirildi. Baýramçylyk çäreleri Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül desselerini goýmak dabarasyndan başlandy.
Dabara daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Ukrainanyň halk deputatlary, Ukrainanyň Medeniýet we maglumat syýasaty ministrliginiň, ýokary okuw mekdepleriniň, umumy bilim berýän orta we sazçylyk mekdepleriniň, Türkmenistanda işleýän ukrain kompaniýalarynyň, Kiýewiň kitaphanalarynyň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, žurnalistler, ýaşlar we türkmen diasporanyň wekilleri gatnaşdylar.
Soňra baýramçylyk çäreleri Türkmenistanyň Ilçihanasynyň binasynda dowam etdi. Ilçi T.Ataýew myhmanlaryň öňünde çykyş etmek bilen, Gündogaryň görnükli şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny bellemek bilen baglanyşykly Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilýän çäreleriň ähmiýetini nygtady.
Duşuşykda çykyş eden ukrain şahyrlary, ýazyjylary we Magtymgulynyň goşgularyny terjime eden terjimeçiler Pyragynyň şahyrana eserleriniň tutuş dünýä okyjylary üçin ýakyndygyny, düşnüklidigini we diňe bir türkmeniň milli buýsanjy bolman, eýsem tutuş adamzadyň mirasydygyny bellediler.
Çäräniň dowamynda milli saz gurallarda sazlar ýerine ýetirildi we şahyrana eserleriň çeper okaýyşlary guraldy.
Mundan başga-da, bu ýerde kitap önümleriniň, medeniýet temasyndaky suratlaryň we türkmen milli egin-eşikleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.