2024-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Hytaýyň nebit uniwersitetinde (Pekin ş.) bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary dogusynda söhbet edildi.
Hytaýyň nebit uniwersitetiniň we Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen duşuşyga bu ýokary okuw mekdebiniň 400-e golaý türkmen we daşary ýurtly talyplary, ýolbaşçylar we professor-mugallymlar gatnaşdylar. Çärä Hytaýada sapar bilen bolýan «Türkmengaz» döwlet konserniniň we Hytaýyň «CNPC» korporasiýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň wekilleri hem myhman hökmünde gatnaşdylar.
Ilçi P.Durdyýew öz çykyşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty barada gürrüň berdi.
Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hökümetara ylalaşyklary nazara almak bilen, bilim ulgamyndaky türkmen-hytaý gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki wagtda üç müňe golaý türkmen talyplarynyň Hytaýda dürli hünärler boýunça bilim alýandyklary hem bellenildi.
Şeýle hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Hytaýda geçirilen birnäçe medeni çäreler barada hem gürrüň berildi. Şeýle hem şu ýylyň iýul aýynda Hytaýda Türkmenistanyň Medeniýet ýylynyň açylyş dabarasynyň geçirilendigi barada bellenildi.
Çykyşlarda Türkmenistanyň syýasy giňişlikdäki işjeň orny barada nygtalyp, ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli gatnaşyklary we Hytaý bilen alyp barýan köpýyllyk hyzmatdaşlygy barada durlup geçildi.
Ýakyn wagtda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçiriljekdigi we indiki ýylyň hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, 2025 ýyl» şygary astynda geçiriljekdigi bellenildi.