icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

01 oktýabr 2024

415

Waşington şäherinde bilim ulgamynda türkmen-amerikan gatnaşyklaryny berkitmek boýunça duşuşyklar geçirildi

2024-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti ABŞ-nyň Waşington şäherine amala aşyran saparynyň çäginde birnäçe duşuşyklary geçirdi. Wekiliýetiň saparynyň maksady iki ýurduň arasynda öň gazanylan ylalaşyklaryň esasynda bilim pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek bolup durýar.

Şeýlelik-de ABŞ-nyň Döwlet departamentinde geçirilen duşuşyklaryň birinde akademiki baha beriş we uniwersitet akkreditasiýasy üçin çarçuwany döretmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Amerikan tarapyna Günorta we Merkezi Aziýa gatnaşyklary býurosynyň metbugat we jemgyýetçilik diplomatiýa müdirliginiň direktorynyň orunbasary Temmi Palçikow wekilçilik etdi. Duşuşyga Bilim we medeni meseleler boýunça býurosynyň we ABŞ-nyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem gatnaşdy.

Ara alyp maslahatlaşmalar akademiki görkezijilere baha bermegiň usulyýetine we Türkmenistanyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak üçin zerur bolan halkara akkreditasiýa strategiýasyna gönükdirildi. Şeýle hem bilim edaralarynyň dolandyryjylary we mugallymlary üçin okuw sapaklaryny guramak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, wekiliýet Bilim synag gullugynyň (ETS) hökümet we daşary gatnaşyklar bölüminiň müdiri hanym Şennon Litton bilen duşuşdy. Duşuşyk Waşington şäherinde ETS-niň edara binasynda geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar synag ülňüleri we sertifikatlaşdyryş, hususan-da TOEFL, GRE we Praxis ýaly standartlaşdyrylan synaglar ulgamynda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem Türkmenistanda kepillendirilen synag merkezlerini döretmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti AC Languages mekdebiniň ýolbaşçysy, Baş direktor Anheles Çawes we mekdebiň ýerine ýetiriji direktory doktor Elias Alonzo bilen duşuşdy. Duşuşyk «Türkmenistan – ABŞ» Işewürlik geňeşiniň edarasynda geçirildi. Duşuşykda hyzmatdaşlygy ösdürmek we dil öwreniş maksatnamalaryny giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň bilim ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen duşuşyklar dostlukly häsiýetde geçirildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi