icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

09 oktýabr 2024

633

Baku şäherinde Magtymgulynyň goşgular ýygyndysynyň türkmen we azerbaýjan dillerindäki tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2024-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Baku şäherinde Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň we Türki halklarynyň medeniýeti we mirasy halkara gaznasynyň (Baku ş.) bilelikde gurnamaganda Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň “Aşyk bolmuşam” atly ýygyndysynyň türkmen we azerbaýjan dillerindäki kitabynyň resmi tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Tanyşdyryş dabarasyna daşary ýurt diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we işgärleri, Azerbaýjanyň görnükli medeniýet wekilleri, şahyrlary, ýazyjylary, edebiýatçylary, alymlary we talyp ýaşlary gatnaşyp, onda esasy myhmanlar hökmünde Türki halklarynyň medeniýeti we mirasy halkara gaznasynyň prezidenti we Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasynyň alymlary çykyş etdiler.

Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler akyldar şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen saýlanan eserlerini öz içine alýan neşiriň ähmiýetini bellediler.

Şeýle hem resmi tanyşdyryş dabaranyň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň azerbaýjan dilinde çapdan çykan goşgular ýygyndylarynyň we kitaplarynyň sergisi gurnaldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi