Türkmenistan bilen Moldowa Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti 2017-nji ýylyň 18-nji maýynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-moldowan toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.